Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üç taraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetini kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Ýol kartada görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.

HZG-niň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmek ugrunda türkmen tarapynyň ygrarlydygyny HZG-niň wekilleri goldadylar.

Habarda bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan gepleşikleri has-da giňeltmek we ulgamlaýyn esasda aragatnaşyk gurmak meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2024-nji ýyldaky anyk çäreler boýunça indiki amaly hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapyny bu ugurdaky işleriň netijeleri bilen tanyşdyrdylar we ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi
Nah mataly kagyz işi. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
TÜRKMENISTAN HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR