Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy

Şu gün ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy has-da kämilleşdirmek,sanly innowasiýalary ösdürmek babatda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilýän “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde oňa gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň, professor-mugallymlaryň ýörite ussatlyk usuly sapaklary geçirildi. .

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinan mugallymçylyk uniwersitetiniň Halkara alyş-çalyş kollejiniň Daşary ýurtlulara hytaý dilini okatmak kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Luo Kunyň hytaý dili mugallymlary üçin“Hytaý dilini okatmagyň usullary”, Hindistan Respublikasynyň Iňlis we daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory, pedagogika ylymlarynyň doktory Abhaý Morýe Kumaryň hem-de Hindistan Respublikasynyň Deli uniwersitetiniň professory, filosofiýa ylymlarynyň doktory (Ph.d) Sudha Singhiň hindi dili mugallymlary üçin “Hindi dilini okatmagyň usulyýeti”, Koreýa Respublikasynyň Kýon Hi Kiber uniwersitetiniň Koreý dili we medeniýeti kafedrasynyň professory (Ph.d) Kim Ji Hýungiň koreý dili mugallymlary üçin “Koreý dilini okatmagyň usulyýeti”, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe uniwersitetiniň dosenti Baker John Raymondyň iňlis dili mugallymlary üçin “Classroom management”,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle-Wittenberg uniwersitetiniň professory Mierendorff Johannanyň “Daşary ýurt dilleri sapagynda surat bilen işlemek” atly usuly sapaklar toplumy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder
Halk Maslahatynyň mejlisinde 'halkyň hakyky meseleleri gün tertibine getirilmedi'
Dekolonizasiýa sapaklary: Işlenmedik öý işleriniň bahasy näçe bolýar?
Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
“Azatlykda” özüni tapan’ žurnalist
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi