Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş atly halkara maslahatyň ikinji güni dowam edýär.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Vitol, Meno Logistics, Boeing, Dragon Oil, Fly Dubai, Airbus, Cargo Lux halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada USAID maksatnamasynyň wekilleri bar.
Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň gün tertibine ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny, bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler girizildi.
Şeýle-de forumyň çäklerinde sylaglaýyş dabarasyny geçirmek, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Forumyň işi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegine hem-de paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gezelençleri guramak we Türkmenbaşy şäherine sapar meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde myhmanlar Halkara deňiz portuna baryp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän bu döwrebap desganyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwaty bilen tanşarlar.