Munuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy BMG-niň Aşgabatdaky edara-binasynda köpçülikleýin habar serişdeleri üçin duşuşyk geçiripdir.Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar agentligi (TDH) habar berýär. Ýöne döwlet metbugaty ýurtda adamlaryň we haýwanlaryň arasynda köpçülikleýin häsiýetde duş gelinýän ýokanç ýa-da ýokanç däl keseller barada dymýar.
Türkmen resmileri döwlet metbugatynda edýän çykyşlarynda ýurduň saglyk syýasatyny mahabatlandyrýarlar.TDH-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy.Onda ýurduň saglyk pudagynda gazanylandygy aýdylýan sepgitlere, şäherlerde täze bina edilen hassahanalary, saglyk öýlerini, şypahanalary , sport toplumlaryny we beýlekileri mysal görkezdi. “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi, günbatar Türkmenistanda düýeleriň arasynda resni derejede nämedigi aýan edilmedik keseliň täzeden döremeginiň yzýanyna gabat gelýär. Ýatlasak, martyň başlarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Bereket etraplarynyň obalarynda, şol sanda Goýmat, Gökdepe, Garaýman, Awlamyş, Gum sepişen we Düwünçi ýaly obalarda düýeleriň arasynda köpçülikleýin keselçilik ýüze çykdy.
Munuň netijesinde, häkimiýetler welaýata ýörite bilermen toparlaryny ugratdy.Azatlyk Radiosy bular barada habar berdi, ýöne resmi metbugat dymdy.Galyberse-de, martyň aýagynda Azatlygyň paýtagtaly habarçylary Aşgabatda adamlaryň arasynda birmeňzeş alamatly näbelli bir keseliň ýüze çykandygyny, ýöne lukmanlaryň bu keseli anyklap bilmändigini habar beripdi. Şonda Aşgabatda adamlaryň arasynda peýda bolan keseliň alamatlary, birnäçe günläp gyzgynyň ýokarlanmagy, bokurdagyň agyrmagy, diliň reňkiniň goýy gyzyla öwrülmegi, onuň düýbüniň iriňlemegi, böwrege zyýan ýetmegi, güýçli üsgülewügiň birnäçe günläp saklanmagy ýaly alamatlar bilen tapawutlandy. Ýöne paýtagtly lukmanlar näbelli keseli anyklap bilmedi.
Bu maglumatlary Türkmenistanyň saglygy saklaýyň we derman senagaty ministrligine tassykladyp bolmady. Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň habarçylary bilen mart aýynda söhbetdeş bolan saglygy saklaýyş hem-de bilim pudagynyň ençeme işgärleri soňky aýlarda Aşgabatda giň ýaýran skarlatina ýagny täjihoraz keseli barada maglumat beripdi. Ýöne bularyň hiç haýsysy barada döwlet emeldarlary resmi metbugatda çykyş etmedi.
Geçen oktýabr aýynda-da Balkanda düýeleriň näbelli keselden köpçülilkeýin gyrylmak hadysalary ýüze çykdy, ýöne häkimiýetler şonda düýeleriň keselden däl, açlykdan ölendigini öňe sürüpdiler.Bular barada-da Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy maglumat beripdi. Ýurtdan gelip gowşan maglumatlarda düýeleriň arasynda dörän keseliň adamlara-da geçip başlandygy habar berlipdi. 13-nji noýabrda Azatlygyň habarçysy Daşoguz welaýatynda-da mallaryň arasynda mama keseliniň dörändigini, munuň netijesinde mallaryň köpçülikleýin gyrylandygyny habar beripdi. Şol ýylyň maý aýynda Azatlyk Radiosy Farap etrabynda ýaş çagalaryň arasynda gyzamyk keseliniň döremegi we etrabyň saglyk resmileriniň oňa geleňsiz garamagy barada habar çap etdi.
Döwlet emeldarlary bu habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş etdi.Muňa garamazdan, döwlet metbugaty we ýurt resmileri ýurduň saglyk pudagynda belent sepgitleriň gazanylandygyny öňe sürýär, muňa saglyk pudagynda gurulýan täze bunalary mysal görkezýär.
Beýleki tarapdan, garaşsyz çeşmelerde köp sanly türkmenistanlynyň Türkiýe, Russiýa, Hindistan ýaly ýurtlara öz saglygyny bejertmäge gidýändigi barada habarlar wagtal-wagtal peýda bolýar.Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň döwlet metbugaty “ýokanç däl kesellere garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň tejribesini Ýewropa sebitiniň 53 ýurdunda ulanmagyň mümkindigini” aýdýar.