Aşgabatda halkara media forum geçirildi

Aşgabatda halkara media forum geçirildi

Şu gün — 5-nji sentýabrda Aşgabatda halkara media forum geçirildi. Arçabil myhmanhanasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen forum Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde diýlip atlandyryldy.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, milli metbugat neşirleriniň ýolbaşçylaryndan hem-de işgärlerinden başga-da, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.

Halkara media forumyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden ýaýmakdan we beýan etmekden, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybarat boldy.

Forumda daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, belli elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri öz wideoçykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn ýokarlanýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler.

Olaryň hatarynda ITAR-TASS habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary, Azerbaýjanyň Telewideniýesi we Radiogepleşikleri ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Hytaýyň СGTN-Russian media korporasiýasynyň, Aziýa — Ýuwaş ummany alnyp eşitdiriliş birleşiginiň, Russia Today teleýaýlymynyň, Sodružestwo iskusstw döwletara žurnalynyň, Türkmenistan halkara žurnalynyň, Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri bar.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär
Kino sungatynyň baýramy
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR
Halkara teleýaýlymlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi