Aşgabatda Halkara jaz güni mynasybetli konsert geçirildi

Aşgabatda Halkara jaz güni mynasybetli konsert geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara jaz güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Halkara jaz güni 2011-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredildi.Bu sungat baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde guralan konsert Mukam skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Aleksandr Krasotowyň Jaz hakynda ýatlama atly sazy bilen açyldy.

Soňra Joşgun, Şatlyk sazy atly saz eserleri ýaňlandy.Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilen sazandalar Igor Şewsow hem-de Kakageldi Gurbanmyradow daşary ýurt sazlaryna sazandarlyk etdiler.

Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde, Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde, Jorj Gerşwiniň Meniň ritmim (I’ve got rhythm) atly aýdymy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.Gurbanmyrat Nobatowyň Jaz wals atly sazynyň täzeden işlenen görnüşini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow, sazandalar Aşyr Weliýew, Arslan Aşyrow ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Halkara jaz gününe bagyşlanan konsert Çary Nurymowyň sazyna, Gara Seýitliýewiň sözlerine döredilen Aşgabat atly aýdym bilen jemlendi. Bu aýdymy Döwlet simfonik orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy