Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylyk edýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

Konsert Durdymuhammet Gurbanowyň, Baýram Hudaýnazarowyň sazyna döredilen Goý, aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy atly aýdym bilen açyldy. Ony simfoniki orkestr we solo aýdymçylary - Röwşen Baýramow we Arzygül Gylyjowa ýerine ýetirdiler.

Aýdym-sazly dabaranyň meýilnamasynda: Leýli we Mejnun, Görogly operalaryndan ariýalar, Aman Agajykow tarapyndan täzeden işlenen Şirin-Şeker, Durdy bagşy türkmen halk sazlary, Magtymguly filmi üçin Nury Halmämmedowyň döreden Hüjüm atly sazy, simfoniki eserlerden bölekler - Nury Halmämmedowyň Türkmenistan, Aman Agajykowyň Garagum, Weli Ahmedowyň Türkmeniň ýaly dürli eserler bardyr.

Dabaranyň çäginde Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen Dünýa heý aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew tarapyndan ýerine ýerine ýetirildi.

Aýdym-sazly dabara Suhan Tüýliýewiň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen Türkmen binasy atly aýdym bilen jemlenji. Aýdym Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory bilen simfoniki orkestr tarapyndan dabaraly ýagdaýda ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Belentden ýaňlanan owazlar
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda