6-njy dekabrda paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi.Duşuşyga Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi.
Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar.Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa güwä geçýär.
Daşary ýurtlaryň bilermenleri birinji umumy mejlisde Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň mirasy bilen bagly ugurdaş desgalary ilkinji gezek ýüze çykarmak, gorap saklamak we dolandyrmak boýunça milli derejede edilýän tagallalar bilen tanyşdyrdylar. “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky mirasa düşünmek” atly ikinji umumy mejlisdäki çykyşlarda şu gezekki duşuşygyň bu geçelgäni ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin bilermenler derejesinde hödürnamany taýýarlamak işini maslahatlaşmagy dowam etdirmäge gönükdirilendigi aýratyn bellenildi.
Maksatnama laýyklykda, “Mirasyň obýektlerini öwrenmek we dolandyrmak işinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak we Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak”, “Hazar — Wolga geçelgesiniň hödürnamasynyň düzülişiniň “Ýol kartasy” atly umumy mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjylara hödürnamany düzmekde deňeşdirme seljermelerini geçirmäge we suwasty mirasyň ähmiýetine baha bermäge, uzakdan zondirlemek, tebigy meýdan barlaglaryny geçirmek ýaly öňdebaryjy usulyýetleri ulanmagyň zerurlygyna garamaga mümkinçilik döredilýär.Sebitdäki ýerüsti we suwasty arheologik desgalary öwrenmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň hödürnamasyny taýýarlamak üçin “Ýol kartasynyň” üstünde işlärler. /* custom css */ .td_uid_15_67543b0b3cd3a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67543b0b3cd3a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }