Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar

Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwletimiziň ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ýardam etmek işlerini geljekde-de dowam etdirjekdigini belledi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar.Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi.

2.Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.Döwlet Baştutany Türkmenistanyň milli garaşsyzlyk esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, döwleti depginli ösdürmekde, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary bilen Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary, ýurduň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli hem-de maksada okgunly işleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada mynasyp boldy.

3. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde örän köp çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, ýurtda tertip-düzgüni berjaý etmek boýunça çäreler görler. Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet serhedinden başlap, ýurduň içinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Hökümet agzalaryna we ähli edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramak tabşyryldy.

4. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si açylyp ulanylmaga berildi. Açylyp ulanmaga berlen kottej jaýlarynyň her biri iki gatdan giň otaglardan ybarat. Olar häzirki zamanyň talaplary we ýaşaýjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp gurlandyr. Bu ýerde rahat ýaşamak we dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir.

5.Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda iki sany döwrebap oba — Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalary açyldy.Täze obalar häzirki zaman standartlaryna laýyklykda guruldy we ähli zerur düzümler, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, Saglyk öýleri, söwda merkezleri bilen üpjün edildi.

Olaryň gurluşygynda oba ýerleriniň we türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleri hasaba alyndy.Obalaryň açylyş dabarasynda baýramçylyk çäreleri, şol sanda türkmeniň gelin toýy we bäbek toýy ýaýbaňlandyryldy.

6. Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Desganyň düýbüni tutmak dabarasy döwlet sirkiniň we teatrlaryň artistleri tarapyndan taýýarlanylan köpöwüşginli edebi, aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

7. Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle-de mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri umumymilli forumyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bilen gutlady.

Dünýäde

8.Kakalary tarapyndan günde 10 minutdan gowrak wagt üns bilen gurşalýan çagalar okuwda has gowy üstünlikleri görkezýärler.Beýik Britaniýadaky Lids uniwersitetiniň işewürlik mekdebiniň alymlary kakalary bilen bile okaýan, akyl oýunlaryny oýnaýan, dürli şekilleri ýasamak we beýleki bilelikdäki ösdüriji işler bilen meşgullanýan çagalaryň başlangyç mekdepde has gowy okaýandyklaryny görkezýän işlerini çap etdiler.

Kakasy çaga bilen şeýle aragatnaşyga günde ortaça 10 minut sarp edenem bolsa, bu çagalaryň görkezýän netijeleri beýle tejribä eýe bolmadyk çagalaryňkydan has ýokary.Alymlaryň pikiriçe, bu oňyn netijäniň sebäbi kakalaryň çagalary bilen ejelerden tapawutly aragatnaşyk saklaýandyklarydyr. Şeýlelik bilen, çaga başgaça aragatnaşyk tejribesini alýar, dürli ýagdaýlara we daş-töweregindäki dünýä bilen baglanyşykly başgaça garaýyş edinýär.

9.Dubaýda dünýädäki ilkinji ýüzýän metjit gurlar.Metjide suwasty namaz okalýan zal hem-de yslam hakynda wagyzlary we sapaklary geçmek üçin iki sany suwüsti gat göz öňünde tutular.

Binada bir wagtyň özünde 75 adam ýerleşip biler. Ähli isleg bildirýänler metjide baryp bilerler, esasy zat onda degişli eşikde bolmak we yslamyň däp-dessurlaryna laýyklykda özüňi alyp barmakdyr.Taslamanyň bahasy, takmynan, 15 million dollar diýlip çaklanylýar.

Suwasty metjidiň gurulmagy bilen Dubaýyň hökümeti has köp syýahatçyny çekmegi maksat edinýär.

Sport habarlary

10. Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyrynda Arkadag Ahal toparyny ýeňdi. Duşuşyk Aşgabatdaky Nusaý stadionynda geçirildi we Arkadagyň futbolçylarynyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykdan soňky söhbetdeşlikde Arkadagyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew oýnuň başynyň öz topary üçin kyn bolandygyny, ýöne olaryň oýnuň gidişini üýtgetmegi we ýeňiş gazanmagy başarandyklaryny aýtdy.

Ahalyň kapitany Elman Tagaýew duşuşygyň netijeleri barada teswirinde şeýle diýdi: Gereksiz ýalňyşlyklar sebäpli üstünligimizi ýitirdik. Ähli zat gowudy, 2:0 hasabynda öňe saýlanypdyk, soňra bolsa iki sany ýönekeý pökgini, duşuşygyň soňunda bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan üçünji pökgini geçirtdik.

11.Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Maldiwleriň toparyny uly hasap bilen ýeňlişe sezewar edip, Hançou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlaryna üstünlikli başlady.Duşuşyk 22:2 hasabynda tamamlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewgeniý Nazipow, Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew we Kirill Beş çykyş etdiler.Topara Toýly Baýryýew ýolbaşçylyk edýär.Indiki tapgyrda türkmen basketbolçylary Ýeaponiýanyň topary bilen duşuşarlar.

Aziýa oýunlary 23-nji sentýabrda başlandy we 8-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar