Aşgabatda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti geçirildi

Aşgabatda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti geçirildi

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, milli gymmatlyklary we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýän ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Dabaranyň başynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan döwletimizdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da üstünliklere beslenýändigini nygtady.

Üç adamdan ybarat bolan Koreýanyň ONDO sazandalar toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary konserte tomaşa etmäge gelen myhmanlara özboluşly şatlyk paýlady.

Türkmenistandaky Koreý Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen konsertde wokalçy Çhongsylyň öz topary bilen, şeýle-de BBC aýdym-saz toparynyň, koreýaly görnükli sungat ussatlarynyň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirmegi konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. Sazandalar deprekçi Minhoonyň, gitaraçy Lukkunyň ýerine ýetiren şirin sazlary ýatda galyjy pursatlara eýe boldy.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen K-Pop stilindäki aýdymlardan hem özboluşly lezzet aldylar.

Biziň halklarymyzyň dünýägaraýşynda däp-dessurlara bolan sylag-hormat we wepalylyk bar. Biziň döwletlerimizi mirasa daýanyp, geçen nesilleriň terjribesini, ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak bilen, şol bir wagtyň özünde ösüşiň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmäge ymtylma birleşdirýär.

Häzirki döwürde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy dürli ugurlary öz içine alýar. Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaý döretmegiň möhüm şerti bolan medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy
Britaniýada immigrantlara garşy bolup geçen bidüzgünçiliklerde bir türkmen zenany ejir çekdi
Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?
BBC yzygiderli ýaýlymy ýola goýýar
Dünýäde çakyr önümçiligi soňky 60 ýylda iň pes derejä düşer
Maýkl Jeksonyň keltekçesi 306 müň dollara satyldy