Aşgabatda Gurban baýramynyň öňüsyrasynda 12 sany jaý ulanmaga berildi, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täze opera spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy, Futzal boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň garşydaşlary

Aşgabatda Gurban baýramynyň öňüsyrasynda 12 sany jaý ulanmaga berildi, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täze opera spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy, Futzal boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň garşydaşlary

Türkmenistan

1. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda Gurban baýramynyň öňüsyrasynda 12 sany dört gatly köpöýli ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Jaýlaryň ýanaşyk ýerlerinde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, gezelenç etmek üçin zolaklar, maşgala dabaralaryny we baýramçylyklary geçirmek üçin ýörite binalar, daşky gurşawyň bezeg aýratynlyklary göz öňünde tutulandyr.

2.Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda “Arkaç” atly täze opera spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy.Spektakl gahrymanlara söýgini we wepalylygy saklamaga kömek edýän sungatyň güýji barada gürrüň berýär.

Täze opera eseri wakalara baý, onuň aýdym-saz we sahnalaşdyrylan mazmuny türkmen halkynyň baýramçylyklarynda we gündelik durmuşynda aýratyn orny bolan özboluşly däp-dessurlary, adatlary bilen sazlaşygy emele getirýär. “Arkaç” operasynyň ilkinji görkezilişi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeligi 2023-e bagyşlanan çäreleriň hatarynda mynasyp orun aldy.

3. 24-nji iýunda sagat 9:00-dan 12:00 aralygynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligini geçirerler. Kabul edişlik Adalat ministrliginiň binasynda Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda geçiriler.

4. Ýangyn howply möwsümiň başlanandygy göz öňünde tutulyp döredilen gözegçilik nokatlarynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan awgust aýynyň aýagyna çenli işe alnan möwsümara gözegçiler iýunyň başyndan işe çykdylar. Şu ýylda bu wezipä 70 adam alyndy.

Barlagçy-gözegçiler her ýyl iň yssy aýlarda ekologlara tebigy we hojalyk zolaklarda ýangynyň öňüni almaga ýardam berýärler.Gözegçiler ykjam aragatnaşyk enjamlary we ýangynyň ojaklaryny söndürmek üçin niýetlenen serişdeler rezin bölegi bolan uzyn tutawaçly hlopuşkalar bilen üpjün edilendir.

Gözegçilik nokatlary irden 8-den agşam 8-e çenli hereket edýär, bu ýerde tiz ýangyn söndürmek boýunça tälim alan 2-den 4-e çenli adam hiç ýere gitmezden gözegçilik edýär, şeýle hem olar heläkçilik dörän ýagdaýlarynda degişli gulluklara habar berýärler.

Dünýäde

5.Atlantik ummanynyň düýbünde, “Titanik” gämisiniň burun böleginden, takmynan, 500 metr aralykda “Titan” atly batiskaf gämisiniň bölekleri tapyldy.Batiskaf gämisiniň batandygyny ABŞ-niň Kenar goragy gullugynyň wekilleri tassykladylar.

ABŞ-niň Kenar goragy gullugynyň kontr-admiraly Jon Moger tapylan bölekleriň gäminiň ýolagçy kapsulasynyň heläkçilikli zyýan çekendigini subut edýändigini habar berdi. Ýönekeý dilde aýdanymyzda, enjamyň kapsulasy suwuň basyşyna çydap bilmän ýumrulypdyr.

Batiskaf gämisinde bolan ähli bäş adam heläk boldy diýlip ykrar edildi.

6.Rim şäherimde rim diktatory Ýuliý Sezaryň öldürilen Torre-Arjentina meýdançasynda pyýadalar üçin täze geçelge guruldy.Sezaryň döwründe bu ýerde Senatyň binasy ýerleşýärdi we rim diktatory özüniň alyp barýan syýasatyndan nägile senatorlar tarapyndan öldürildi.

Häzir Ýuliý Sezaryň öldürilen ýerinde 4 sany ybadathananyň taryhy ýadygärlikleri ýerleşýär. 20-nji iýundan başlap, Rimiň ýaşaýjylary we daşary ýurtly syýahatçylar ýörite gurlan pyýadalar üçin geçelgäniň kömegi bilen taryhy ýadygärlikleri golaýdan görüp bilerler.

Sport habarlary

7.Futzal boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň tertibi mälim edildi.bije çekişligiň netijeleri boýunça 31 topar 8 toparça bölündi.Türkmenistanyň milli ýygyndysy “A” toparça düşdi.

Türkmen toparyna Taýlandyň, Gonkongyň we Hytaýyň milli ýygyndylary garşydaşlyk ederler.Bu toparçadaky duşuşyklar 7 11-nji oktýabr aralygynda Taýlandda geçiriler.Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orun alan 7 sany milli ýygyndy futzal boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk alar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 7-nji oktýabrda Gonkongyň toparyna garşy geçirer. 9-njy oktýabrda geçiriljek ikinji aýlawda türkmen topary Hytaý bilen duşuşar.

Toparçalaýyn tapgyryň 11-nji oktýabrda geçiriljek jemleýji aýlawynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Taýland bilen duşuşar.

8. 25-nji iýunda Halkara Olimpiýa gününde Özbegistanyň 16 sany şäherinde “Yangi Nafas” we “Vatan Qalqoni” ylgawlary geçiriler. Ylgawa Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň türgenleri hem-de ylgaw klublarynyň agzalary gatnaşarlar. Ylgawa ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler. Rugsat berilýän iň kiçi ýaş görkezijisi 9 ýaş. Badalga ýerli wagt bilen 6:00-da berler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy, türkmenistanlylara täze operanyň ilkinji görkezilişi garaşýar, Türkmenistanda maliýe gözegçiligi boýunça hünärmenleriň ilkinji gutardyşy boldy we beýleki habarlar
Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi
Amul-Hazar ylgaw taýaýjyklarynyň çyzgysy tassyklanyldy
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy