Aşgabatda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi

Aşgabatda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi. Sahnada aýdymçy-sazandalaryň çykyşy sazlaryň nepis owazy bilen sahnada gaýyp düşýän güýz ýapraklarynyň hereketleri bilen sazlaşyp, aýratyn duýgy döretdi. Konsertde Röwşen Nepesow roýalda Genri Mançininiň Şa walsyny çaldy.

Soňra Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlygynda orkestr argentin tangosyny täze röwüşde döreden Astor Pýassollonyň eserini ýerine ýetirdi.

Konsert Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmegi bilen Antonin Dworžagyň 2-nji slawýan tansy we Iogann Ştrausyň Polkasy bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa bilen Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň meşhur estrada aýdymlaryny aýtdylar. Diňleýjiler aýratyn-da ýerine ýetirilen Muslim Magomaýewiň Mawy bakylyk aýdymyna şowhunly el çarpdylar.

Güýz konserti Röwşen Nepesowyň romantiki üç eseri Söýginiň döreýşi, Tango 13, Sen hem men eserleri bilen jemlendi. Eserleri fortepianoda awtoryň özi ýekelikde ýerine ýetirdi.

Röwşen Nepesowyň sazanda, dirižýor we kompozitor hökmünde çykyş eden güýzüň ruhy siňen konserti joşgunly tamamlandy. Diňleýjiler aýdymçylary we orkestriň sazandalaryny bu ajaýyp konsert üçin el çarpyşmalar hem-de gül desseleri bilen mübäreklediler.

Ýene degişli makalalar

"Kamerata Aşgabat" toparynyň ilkinji konserti geçirildi
Aşgabatda köpden bäri garaşylan Latyn Amerikasynyň aýdym-saz konserti geçirildi
"Tango, Tango, Tango". Aşgabatda karantin sebäpli yza süýşürilen ýene bir konsert geçirildi
Nusgawy jaz sazlary we ýaş zehinler: improwizasiýaly çykyşlar
Aşgabatda täze döredilen saz toparynyň ilkinji konserti gyzgyn garşylanyldy
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy