Aşgabatda Gollandiýanyň kompaniýalary türkmen telekeçilerine hyzmatdaşlyk tekliplerini hödürlärler

Aşgabatda Gollandiýanyň kompaniýalary türkmen telekeçilerine hyzmatdaşlyk tekliplerini hödürlärler

Aşgabatda noýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisine Gollandiýanyň hem birnäçe kompaniýalary gatnaşarlar. Olar ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, tohumlar, dökünler, bioarylar we beýleki oba-hojalyk tehnologiýalary boýunça ýöriteleşen kompaniýalardyr.

Sergide çykyş etjek kompaniýalardan “Dalsem B.V.” 1932-nji ýyldan bäri ýyladyşhanalar boýunça iş alyp baryp, taslamalary dolulygyna taýýar ýagdaýda hödürleýändigi bilen tapawutlanýar. Bu kompaniýanyň hödürleýän X-AIR tehnologiýasy ýyladyşhanalaryň howa şertlerini ýokarlandyrmak arkaly ösümlikleriň we ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak üçin niýetlenendir.

“Geerlofs Refrigeration B.V.” kompaniýasy bolsa sowadyjy ulgamlar, sowadyjy ammarlar, doňduryjy ammarlar, gök önümler we miweler üçin ammarlar, et we balyk ammarlary boýunça dolulygyna taýýar taslamalary hödürleýär. Bu kompaniýa 1933-nji ýylda esaslandyrylyp, 90 ýyldan bäri bu ugurda iş alyp barýar.

Mundan başga-da, sergä ýyladyşhanalar boýunça iş alyp barýan “Kubo”, arylar we dökünler boýunça iş alyp barýan “Koppert”, tohumçylyk boýunça iş alyp barýan “Bejo Zaden B.V.” golland kompaniýalary hem gatnaşyp, türkmen işewürlerine özleriniň hyzmatdaşlyk tekliplerini bererler.

“Agro-Pak Türkmenistan - 2023” halkara sergisi 28-30-njy noýabrda Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Sergä 10-a golaý ýurtdan degişli pudaklaryň kompaniýalary gatnaşarlar.

Kompaniýalar bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi:

+993 65 030921

+993 64 762596

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Bäsdeşlerinden ozdurar