Gaçybatalga soraýan türkmenistanly Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy, onuň deportasiýa edilmegi baradaky karary ýerine ýetirmek, kazynyň pikiriçe, hakykatda "mümkin däl" diýip, Moskwadaky "Memorial" merkeziniň wekili Witaliý Ponomarýew habar berýär.
Sankt-Peterburgyň Krasnoselskiý etrap kazyýeti 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda öz ýurdunda dini sebäplere görä yzarlanan we gaçybatalga soraýan türkmenistanly Ahmet Jumadurdyýewi deportasiýa merkezinden boşatmak barada karar çykardy.
26 ýaşly Jumadurdyýew oktýabr aýynyň başynda daşary ýurt raýatlarynyň saklanylýan wagtlaýyn tussaghanasyna ýerleşdirildi.
Soňra anyklanmagyna görä, Russiýanyň Federal howpsuzlyk býurosy (FSB) onuň Orsýete girmegini anyk sebäpsiz 2055-nji ýyla çenli gadagan edipdir we şu esasda hem onuň deportasiýa edilmegi barada karar kabul edilipdir.
Sankt-Peterburgyň şäher kazyýetiniň 22-nji noýabrdaky şikaýat karary esasynda Jumadurdyýewiň deslapky tussaghanadaky tussaglyk möhleti 2021-nji ýylyň 16-njy dekabryna çenli azaldyldy.
Krasnoselskiý etrap kazyýetiniň (kazy Wýaçeslaw Asmykowiç) düýn çykaran kararynda Jumadurdyýewi belli bir möhletde deportasiýa etmek kararynyň hakykatda ýerine ýetirilip bilinmejekdigi, ýagny Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň Orsýeti onuň işiniň 39-njy düzgüniň ulanylmagyna degişlidigi bilen habardar edendigi bellenilýär.
Mundan başga, entek bu meselä seredilmeýän hem bolsa, ol Orsýetden gaçybatalga sorap, häkimiýetlere resmi ýagdaýda ýüz tutdy.
Şunuň bilen baglylykda, kazyýetiň kararyna görä, ol deportasiýa edilmeli daşary ýurtlularyň deslapky tussaghanasynda, ýagny öz ýurduna berilmekden boşadylmaly boldy.
Türkmen bosgunynyň işini Adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkeziniň Sankt-Peterburgdaky "Migrasiýa we hukuk" ulgamynyň aklawçylary Olga Tseýtlina we Ýuriý Serow alyp barýar. Serow düýn agşam Jumadurdyýewiň deportasiýa merkezinden boşadylmagyna hut özüniň gözegçilik edendigini aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Jumadurdiýewiň işi bilen baglanyşykly kazyýet işleriniň zynjyry munuň bilen gutarmaýar. Beýleki meseleler bilen birlikde, FSB-nyň onuň Russiýa girmegine girizen gadaganlygy baradaky karardan şikaýat edilmeli.
25-nji noýabrda, Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň talaby boýunça, Jumadurdyýew Russiýadan meýletin başga bir ýurda (Türkmenistandan başga) gitmek baradaky ylalaşyga gol çekdi.
Emma muňa garamazdan, häzire çenli bu talaby ýerine ýetirmek mümkin däl, sebäbi onuň ady öz watanynda gözlenilýän adam hökmünde Russiýanyň serhet gullugynyň maglumatlar bazasyna girizilen diýip, Adam hukuklarynyň goraýan "Memeorial" merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Witaliý Ponamarýowyň 18-nji dekabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.