Aşgabatda görkezilen türkmen-italýan operasy 'sungatyň adamlary birleşdirýändigini' görkezdi

Aşgabatda görkezilen türkmen-italýan operasy 'sungatyň adamlary birleşdirýändigini' görkezdi

Aşgabatda 19-njy noýabrda italýan operaçylarynyň gatnaşmagynda türkmen taryhynda ilkinji gezek italýan operasy sahnalaşdyryldy, türkmenistanlylar mugt görkezilen tomaşa uly höwes bilen bardylar, köp adama orun hem ýetmedi diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. “Başda adamlary teatra goýbermediler, daşary ýurtlulara garaşdylar, adamlar basgançaklarda oturyp, diwarlara ýaplanyp garaşdylar, oýun görmäge gelen örän kän boldy” diýip, 55 ýaşyndaky tomaşaçy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

TDH Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda görkezilen türkmen-italýan sahna oýnuna—Rujero Leonkawallonyň “Paýasy” opera spektaklyna gatnaşan tomaşaçylaryň möçberi, teatrda orun ýetmedik tomaşaçylar barada hiç zat aýtmady, ýöne “spektaklyň uly üstünlige eýe bolandygyny” belläp, “sungatyň adamlary birleşdirýändigini we ruhlandyrýandygyny” boýun aldy.

Spektakly italýan režissýory Daniele de Plano sahnalaşdyrdy, esasy partiýany Kaniony tenor Françesko Anile ýerine ýetirdi, türkmen aýdymçylary hem özlerine ynanylan rollary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler diýip, resmi habarda aýdylýar.

Bu medeni waka Türkmenistanyň prezidentiniň Italiýa eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.Bellemeli ýeri, Türkmenistanda opera öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe “türkmene ýat sungat” hökmünde repressiýa sezewarboldy we Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň “azatlyga çykdy”.

Türkmenistanda geçirilýän III halkara teatr festiwalynyň çäginde görkezilen türkmen-italiýan operasynyň sazyny Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çaldy, Döwlet horunyň agzalary bolsa onuň aýdymlaryny ýerine ýetirdi.Adatça, Türkmenistanda soňky ýyllarda teatrlaryň tomaşaçylarynyň juda azalandygy, netijede, goýulýan oýunlara we konsertlere köplenç mejbury tomaşaçylaryň getirilýändigi habar berilýär.

Emma daşary ýurtlardan sungat toparlary gelende, bu ýagdaý üýtgeýär, käte hakyky sungat muşdaklaryna orun ýetmeýän halatlary hem bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. Ýerli synçylar daşary ýurt sungatyna, oýunlara, kinolara we konsertlere, sirk sahnalaryna höwesiň hemişe ýokary bolandygyny aýdýarlar. Ýöne soňky döwürde ýerli sazandalaryň hem diňleýjisi köpelýäne meňzeýär.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly tomaşaçynyň sözlerine görä, “diňe italýan sungat ussatlaryna däl, bu oýny sahnalaşdyrmaga gatnaşan türkmenlere, türkmen aýdymçylaryna we sazandalaryna hem “brawo” diýmeli”. “Biziňkiler hem öz italýan kärdeşlerinden kem oturmadylar, köpçülik sahnalaryna gatnaşanlar hem gowy oýnadylar, sazandalarymyza ussat diýmeli, oýna tomaşa edenler hezil etdiler, hakyky lezzet aldylar” diýip, aşgabatly tomaşaçy aýtdy. Ýerli sungat synçylarynyň Azatlyk bilen dürli ýyllarda eden söhbetdeşliklerinde aýtmaklaryna görä, türkmen sungaty soňky otuz ýylda köp kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Emma muňa garamazdan, 55 ýaşyndaky aşgabatly sungat muşdagynyň sözlerine görä, ýaş drižýor Resul Gylyjowyň bäş-alty ýyl öň gurnan Ýaşlar simfoniki orkestri halk arasynda barha kän meşhurlyga eýe bolýar. “Ol soňky ýyllarda Döwlet simfoniki orkestrine hem ýolbaşçylyk edýär, ozallar adamlar bu orkestriň konsertlerine kän barmazdylar, häzir uly höwes bilen barýarlar” diýip, tomaşaçy munuň sebäbini konsertleriň repertuary bilen düşündirdi. “Soňky ýyllarda dörän medeni açlyk zerarly adamlar indi biziň öz sazandalarymyzyň konsertlerine hem uly höwes bilen barýarlar, olaryň öz tomaşaçylary bar” diýip, radionyň sözhbetdeşi konserwatoriýadaky konsertleriň ýygjamlaşandygyny, häzir “Owaz” dükanynda şenbe günleri “ajaýyp kamera konsertleriniň” (sazandalaryň sany 4-12 aralygynda, red.

Belligi) gurnalýandygyny gürrüň berdi. Şol bir wagtda, hakyky sungat janköýerleri daşary ýurtly sahna ussatlarynyň çykyşlaryna hem mejbury tomaşaçylaryň köpçülikleýin çekilmegi zerarly özlerine teatrlarda ýer ýetmeýändigini aýdyp, şikaýat edýärler.Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda dünýä döwletleriniň 12-sinden, şol sanda Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiýadan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Estoniýadan gelen teatr toparlarynyň 14-sini birleşdirdi.

Ýene degişli makalalar

19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
4 günde 2 esasy garşydaşyny ýeňdi
Aşgabat sahnasynda Masgarabazlar operasy görkezildi
Moskwanyň baş Aýazbabasy Täze ýylda ulularyň näme arzuw edýändiklerini gürrüň berdi
Berkarar SDAM-da Aýazbabanyň jadyly poçtasy açylýar