Aşgabatda gijeki durmuş 'gözegçilik astyna alynýar', kwartirant ýaşaýan zenanlar barlanýar

Aşgabatda gijeki durmuş 'gözegçilik astyna alynýar', kwartirant ýaşaýan zenanlar barlanýar

Paýtagt Aşgabatda martyň ahyrlaryndan bäri gijeki durmuş berk gözegçilik astyna alnyp, häkimiýetler gijeki klublara, gije-gündiz işleýän saunalara we massažhanalara garşy herekete geçip başladylar diýip, çeşmeler aýdýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda içerki migrantlara, şeýle-de ten söwdasy bilen meşgullanýan aýal-gyzlara garşy reýdleriň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilendigini habar berýärler.

“Aşgabatda martyň ahyrlaryndan bäri, tas ähli gijeki klublarda, şeýle-de ten söwdasy bilen meşgullanýan zenanlara ýardam berýän myhmanhanalarda reýdler geçirilýär. Aşgabatda öz kwartiralaryny kireýine berýän adamlara kwartiralarda jelepçilik bilen meşgullanylmazlygy, eger-de şeýle ýagdaýlar ýüze çykarylsa, olaryň jaýlarynyň ellerinden alynjakdygy duýdurylýar” diýip, paýtagtly çeşme aýdýar.

Hususan-da, Parahat 1, 2 we 3 etrapçalarynda ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda kireýine ýaşaýan zenanlar häkimiýetler tarapyndan içgin barlanýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Howpsuzlyk edaralaryndaky çeşmeler welaýatlardan baryp, bu etrapçalarda ýaşaýan käbir zenanlaryň ten söwdasynda güman edilýändigini, şonuň üçin, olaryň gije-gündiz yzarlanýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaý degişli etrapçalarda ýaşaýan kwartirant zenanlaryň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär.

“Köp sanly zenan maşgalalar kwartirant ýaşaýan jaýlaryndan daşaryk çykyp bilmeýärler” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy aýdýar.

Welaýatlardan baryp, Parahat 2 etrapçasynda kireýine ýaşaýan bir zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özleriniň reýdler sebäpli, gorky astynda ýaşaýandyklaryny gürrüň berdi.

“Häzir çörek satyn almak üçin, daşary çykmak hem howly bolup barýar. Kwartirant gyzlar kireý jaýlaryndan daşaryk çykyp bilmeýärler. Gije sagat 22:00-dan soňra köçä çykan gyzlar raýat eşikli hukuk goraýjylar tarapyndan ulaglara mündürilip alnyp gidilýär” diýip, kwartirant zenan maşgala aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça şäher häkimliginden resmi teswir alyp bilmeýär. Ýerli çeşmeler gijeki durmuş boýunça, şeýle-de ten söwdasy bilen meşgullanýan zenanlar babatynda häkimiýet gözegçiliginiň güýçlendirilmegini tassyklaýarlar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde administratiw temmilerden soňra bir ýylyň içinde gaýtalanan jelepçilik uly möçberlerde jerime tölegleri, hökmany işlerde işletmeklik, iki ýyla çenli çenli düzediş işlerinde işletmeklik, ýa-da iki ýyla çenli azatlyk mahrum etmeklik ýaly jezalar bilen jezalandyrylýar.

Şeýle-de, türkmen kanunçylygy jelepçilik bilen meşgullanmaga çekýän adamlara garşy iki ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezalaryny göz öňünde tutýar.

Türkmen kanunçylygynda adamyň zyna ýakynlaşmasyna mejbur edilmegi hem azatlykdan mahrum etmek jezasy bilen jezalandyrylýar.

'Gypjakda bolan waka'Parahat etrapçasynda kireýine ýaşaýan käbir zenanlaryň hukuk goraýjylar tarapyndan ten söwdasynda güman edilmegine getiren ýagdaýlar aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri paýtagtda gijeki durmuşa garşy girişilen reýdleriň esasan Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gypjak obasynda ýaňy-ýakynda zenanlaryň gatnaşmagynda bolan bir wakadan soňra güýçlenendigini aýdýarlar.

“Ýaňy-ýakynda ýokary derejeli emeldarlaryň biri Gypjakda gije aýlanyp ýören wagtynda käbir zenanlaryň arak, piwo ýaly alkogolly içgileri içip, çilim çekip oturandyklaryny görüpdir. Ol şondan soňra paýtagtda gijelerine entäp ýören ýekeje-de zenan bolmasyn diýip buýruk beripdir” diýip, çeşme aýdýar.

Aşgabadyň gijeki durmuşyndan habarly bir paýtagtly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik ýyllarynda şäherde gijeki klublaryň işine, gije-gündiz işleýän saunalara hem-de massažhanalara rugsat berlendigini, ýöne Serdar Berdimuhamedowyň wezipä gelmeginden soňra, bu ugurda çäklendirmeleriň girizilip başlanandygyny aýdýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň biri bilen bagly paýtagtyň barlarynda bolup geçen bir waka barada habar beripdi. Şol wakada ýegenleriň paýtagtyň gijeki durmuşyna gatnaşygy barada yşaratlar peýda bolupdy.

“Serdar Berdimuhamedow şäheriň gijeki durmuşyny tertiplemek ugrunda hereket edip başlady. Bu syýasatda ownuk mesele, ýöne şeýle tagallalar onuň kakasynyň [Gurbanguly Berdimuhamedowyň] ýegenlerine garşy oňyn ädimleri ädip başlandygyny alamatlandyrýar” diýip, paýtagtly çeşme aýtdy.

Mundan ozal, häkimiýetler fewral aýynyň ahyrlarynda Mary şäherinde şeýle reýdleri geçirip, ten söwdasy bilen meşgullanýan aýallary nyşana alypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar
Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurda girmeginiň şertleri barada habar berdi
Türkmen we özbek liderleriniň özara saparlarynyň täze hronologiýasy we Merkezi Aziýada integrasiýa
Türkmenistanyň niresinde Şengen wizasyny we COVID-19-a garşy sanjym alandygy hakyndaky halkara kepilnamany resmileşdirýärler, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy başga salga göçdi
Demir ýol ulagynda ýük howlularynyň hyzmaty ýola goýulýar