12-nji iýunda Aşgabatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.
Halkara maslahatyň açylyş dabarasy döwletimiziň aň-paýhas we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüş sütünleriniň biri bolmak wezipesi ýüklenen, öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.
Uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy.Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler zalynda açylan maslahata ýurdumyzyň belli alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Wengriýa, Germaniýa, Gruziýa, Eýran, Gyrgyzystan, Litwa, Hytaý, Russiýa, Koreýa Respublikasy, Özbegistan we beýlekiler bar.
Bu gezekki forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak meseleleri girizildi.Maslahatyň dowamynda sanly ulgam arkaly Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygy, akademik Wladimir Gusakow, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik Andreý Adrianow, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Myrat Jumataýew we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, umumy akademiki binýady döretmekde we sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler barada aýtdylar.
Halkara maslahat şu gün öz işini birnäçe ugurlar boýunça dowam eder.