Aşgabatda geçirilýän ilkinji halkara "Kids Expo" sergisine 15-e golaý ýurduň wekilleri gatnaşýar

Aşgabatda geçirilýän ilkinji halkara "Kids Expo" sergisine 15-e golaý ýurduň wekilleri gatnaşýar

19-njy awgustda Aşgabatda ilkinji "Kids Expo: Çagalar üçin ähli zat" atly Halkara umumy sergi-ýarmarkasy açyldy. Giň gerimli çäräniň çäklerinde Russiýa, ABŞ, Kanada, Germaniýa, Portugaliýa, Italiýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Hytaý, Bahreýn, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan, Gazagystan we beýleki ýurtlaryň çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalary gatnaşýarlar diýip, TDH habar berýär.

Sergi "Garagum" myhmanhanasynyň çäginde ýerleşýän açyk meýdançada geçirilýär we 22-nji awgusta çenli dowam eder. Gelenler täze doglan çagalardan başlap ähli ýaşdaky çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny görüp bilerler. Sergi çagalar harytlary pudagynyň köp sanly tematiki ugurlaryny öz içine alýar.

Guramaçylar bu ýere gelmek üçin amatly ulag elýeterliligini hem göz öňünde tutdular: sergä №1, 3, 22, 33 we 68 awtobuslar bilen baryp bolýar. Şahsy ulagda gelenler üçin ýörite duralgalar göz öňünde tutuldy.

Sergi barada goşmaça maglumaty kids.turkmenexpo.com resmi web sahypasyndan almak mümkin.

Ýene degişli makalalar

Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergi öz işine başlady
16-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diňle: Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady
Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy
Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy
Jeki Çanyň täze filmi