Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum forumy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär

Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum forumy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär

19-20-nji sentýabrda Aşgabatda Maýa goýum forumy — 2024 (TIF 2024) geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginin, Daşary işler ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan bu forumy halkara maýa goýum jemgyýetiniň ünsüni ýurduň depginli ösýän ykdysadyýetine çekmek üçin döredildi.

Häzirki wagtda Maýa goýum forumyna 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýet gatnaşmak üçin hasaba alyndy.

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma forumyň halkara metbugatynda giňişleýin beýan edilmegi bilen hem tassyklanylýar.Birleşen Arap Emirlikleriniň Al Khaleej, Dubai News, Al-Madar Magazine ýaly öňdebaryjy neşirleri bu forum barada birnäçe makalalary çap etdi.

Mundan başga-da, abraýly maliýe neşiri bolan The Investor forumy ýylyň esasy wakalar senenamasyna goşdy.Bu bolsa dünýäniň maýa goýum jemgyýetiniň foruma ýokary derejede gyzyklanýandygyny görkezýär.

Foruma halkara maliýe guramalarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky) wekilleriniň, energiýa, infrastruktura we maliýe ulgamy boýunça hünärmenleriň, şeýle hem başga-da birnäçe abraýly halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler
Halkara astronawtika akademiýasy döredilýär
TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler
TIF — 2024 maýa goýum forumy 10-11-nji sentýabra süýşürildi
Asman modalar öýi Pariždäki Oriental Fashion Show-da kolleksiýasyny tanyşdyrdy
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy