Aşgabatda geçiriljek “Agro-pak” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär

Aşgabatda geçiriljek “Agro-pak” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär

Aşgabatda 28-30-njy noýabrda “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi geçiriler. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Sofuar” kompaniýasy gurnaýar.

Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalary öz önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar.

Şeýle-de Gollandiýanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalar. Sergä gatnaşyjylar esasan şu ugurlar boýunça önümlerini we hyzmatlaryny hödürlärler:

Bu “Agropak” halkara sergisine daşary ýurtly kompaniýalar bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçileriň we kompaniýalaryň gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi eýýämden çäräniň netijeli boljakdygyny görkezýär” diýip, Türkiýäniň Sofuar kompaniýasynyň wekili Ismail Enwerogly “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren gürrüňinde aýtdy.

Şeýle-de, Enwerogly bu görnüşdäki sergileriň ozal Özbegistanda we Yrakda hem gurnalandygyny we ýokary netijelilige eýe bolandygyny belläp geçdi.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Daşary ýurt metbugatyna syn
Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady
Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler
Pakistan: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza dünýäniň gözi gidýär" diýdi
BAE Türkiýe bilen bagly beýanat berdi