Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Alymlar geňeşiniň mejlisi geçirilen zalda ylmy barlagçy, Türkmenistanyň YA-nyň akademigi Anwer Rustamowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanylyp, nobatdaky Rustamowyň okaýyşlary boldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga meşhur ekolog alymlar we Türkmenistanyň goraghana işiniň tejribeli hünärmenleri çagyryldy. Maksatnama laýyklykda, Ş.Garryýewanyň we P.Kepbanowyň ylmy hasabatlary, şeýle hem E.Rustamowyň we J.Annaçaryýewanyň çykyşlary diňlenildi hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýan edilen temalardan başga-da, ylmy barlaglary alyp barýanlar tarapyndan Magtymguly Pyragy adyndaky ilkinji Milli tebigy seýilgähi döretmegiň mümkinçiligi baradaky meselä garaldy.Bu teklip Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleri ulgamyny dolandyrmagyň netijeliligini güýçlendirmek atly taslamadan gelip çykýar, bu taslama Ählumumy Ekologiýa Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi hem-de BMGÖM tarapyndan Daşky gurşawy goramak ministrligi, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy, şeýle hem degişli etraplaryň häkimlikleri we geňeşlikleri bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirildi.