Şu gün Aşgabat atçylyk-sport toplumynda bedew atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek, konkur ýaryşy geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşige bedew atlaryň 14-si gatnaşdy. Olaryň 6-sy Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna, 2-si Türkmenistanyň atly sport federasiýasyna, beýleki 6-sy bolsa Milli atly sport merkezine degişli.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ol iki tapgyrda geçirilýär. Ýöne şu günki bäsleşigiň çekeleşikli geçendigi, şeýle-de türgenleriň görkezen netijeleriniň deň gelendigi sebäpli bu bäsleşik üç tapgyrda geçirildi.
Eminleriň gelen netijesine görä, Türkmenistanyň atly sport federasiýasyna degişli bolan Toýçy diýen gyr at ýeňiji bolmagy başardy. 2011-nji ýylda doglan toýçy Meýdanly hem-de Gezgir diýen atlaryň neslinden bolup, ol meşhur Eýeberdi-Telekäniň ugruna degişlidir.
Toýçynyň seýsi Nikolaý Beglerýan, türgeni bolsa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Serdar Garajaýew.Toýçynyň konkur ýaryşynyň üçünji tapgyrynda görkezen wagty 044,1 sekunda deň boldy.
Konkur ýaryşynda Altynhan diýen mele at ikinji orna mynasyp boldy. Ol Aramat hem-de Helga diýen atlaryň neslinden bolup, meşhur Gelşikliniň ugruna degişlidir. 2009-njy ýylda doglan Altynhanyň seýsi Nikolaý Beglerýan, türgeni bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Yhlas Çopanow. Onuň görkezen wagty 045,9 sekunda deň boldy.
Ahalteke bedewleriniň arasynda atly sportuň päsgelçiliklerden böküp geçmek, konkur ýaryşynda ýeňiş gazanan Toýçynyň toý serpaýy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabarasynda gowşurylar.