Aşgabatda GDA-nyň Zähmet we durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň Zähmet we durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabadyň Ýyldyz myhmanhanasynda GDA ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Zähmet, iş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler diýip, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň esasy meseleleri ilaty durmuş taýdan goramak we zähmet pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Arkalaşygyň ykdysady guramalary bilen özara gatnaşyklary güýçlendirmekden ybaratdyr. Mejlise gatnaşyjylar zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilişiniň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem zähmet bazaryndaky ýagdaýa seljerme bererler, GDA ýurtlarynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary goldamak babatdaky çärelere gararlar.

Mejlisiň dowamynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmeklige gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Kabul ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ugurda gazanylan sepgitler hakda we ýurduň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ösüşleri barada giňişleýin maglumatlary berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda täze kanunlar kabul edildi
1718-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler
Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady
Türkmenistan GDA-nyň möhüm geňeşine başlyklyk eder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar