Aşgabatda GDA-nyň zähmet boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň zähmet boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer şu ýylyň 14-nji iýunynda sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini belledi. Şeýle hem bu guramanyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklar giňeldilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
GDA-nyň maslahat beriş geňeşi Aşgabatda geçiriler
Oktýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler
Zähmet soňy rehnet
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler