24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň ýygnagy geçirilýär. Bu barada Turkmenportal neşiri habar berýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, halkara çäresiniň fonunda, paýtagtda awtoulag hereketiniň bölekleýin çäklendirilýändigini habar berýärler.
Türkmen metbugatyna görä, ýygnagyň gün tertibinde, esasan, energetika we transport hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu aralykda, hökümet baştutanlarynyň duşuşygy bilen baglylykda Aşgabatda 24-nji maýda ulag hereketi bölekleýin çäklendirildi.
“Şu wagt Aşgabatda ýollaryň aglabasy ýapyldy. Awtobuslaryň marşrutlary üýtgedilýär. Duralgalarda adamlar awtobuslara garaşýarlar. Ýöne awtobuslar gelenok” diýip, günüň birinji ýarymynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.
Habarçylarymyz, has ozal, hepdäniň başynda, şäherde dowamly ýagan ýagyşlaryň yz ýany, arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň gaýtadan ýaýbaňlandyrylandygyny habar beripdiler.
Bu çäreler ýygnagyň geçýän gününde hem dowam etdirildi. Azatlygyň habarçysy möhüm ýollaryň ugrunda göze görünýän köp gatly jaýlaryň daş ýüzüniň boýag işleriniň 24-nji maýda hem dowam etdirilendigini habar berýärler.
Biraz öň, 22-nji maýda GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedow Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary bilen Aşgabatda duşuşdy.
“Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär, ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär” diýip, TDH ýazýar.
Russiýanyň TASS döwlet habarlar gullugyna görä, Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin 24-nji maýda Aşgabada bardy. Türkmen metbugaty irden Belarusyň hem-de Gyrgyzystanyň hökümet baştutanlarynyň hem türkmen paýtagtynda kabul edilendiklerini habar berýär.
Ýygnaga gatnaşýan beýleki GDA agza ýurtlaryň hökümet liderleri barada bada-bat maglumat elýeterli bolmady.
TASS habarlar agentligine görä, Mişustin 24-nji maýda Arkalaşyga agza ýurtlardaky kärdeşleri bilen duşuşygynda rus prezidenti Wladimir Putiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Russiýa Ukrainada alyp barýan esassyz çozuşynyň arasynda halkara giňişliginde üzňeleşdi, şeýle-de Günbataryň sanksiýalaryna sezewar boldy.
Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Özbegistan, Russiýa we Täjigistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň doly hukukly agzasydyr. Türkmenistan bu guramanyň assosirlenen agzasy bolup durýar.
Gürjüstan 2008-nji ýylda, GDA-nyň esaslandyryjy agzasy bolan Ukraina bolsa, Krymyň Russiýa tarapyndan bikanun anneksiýa edilmeginden dört ýyl soňra, 2018-nji ýylda bu guramadan çekildi. Moldowa 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Arkalaşykdan çekilmegi meýilleşdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.