
Şu gün Aşgabatda beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy.
Türkmen paýtagtyndaky Laçyn seýilgähinde geçirilen açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy diýip, HHM habar berýär.
Şeýle-de bu çärä hökümet agzalary, ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet-sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy. Iki ýurduň sungat ussatlary türkmen we gazak dillerinde aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Aşgabatdaky Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda möhüm waka boldy. Ol iki halkyň arasynda ruhy ýakynlygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüler.