Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Ol “Çeleken” ýatagynda burawlaýyş işlerini alyp barar.
Işler häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Gazagystandaky ilkinji “Satti” atly deňizde öz-özüni göteriji we ýüzüji burawlaýyş düzümini ulanmak arkaly alnyp barlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.
“KazMunaýGazyň” golçur kärhanasy bolup durýan 2008-nji ýylda esaslandyrylan “KMG Drilling & Service” kompaniýasy Hazar deňziniň gazak böleginde burawlaýyş işlerini hödürleýän esasy üpjün edijidir.
Şahamçanyň açylmagy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimi özünde jemleýär. 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Türkmennebit döwlet konserni bilen “KazMunaýGaz” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ol nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iki ýurt üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.