Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň güni dabaraly bellenildi

Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň güni dabaraly bellenildi

Aşgabatdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çärä diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, başga-da köp sanly myhmanlar ýygnandy.

Dabarada Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Askar Tajibaýew dabaraly çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gazagystanyň parahatçylygy söýýän we açyk döwlet hökmünde köp ugurly we pragmatik daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini, global we sebitleýin howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk we ösüş meýilnamasynyň emele gelmegine hem-de durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýandygyny belledi.

Wise-premýer T.Atahallyýew gutlag çykyşynda Respublikanyň gününiň döwletliligi berkitmek, Gazagystanyň köpmilletli halkynyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak üçin döredilen ajaýyp baýramçylykdygyny aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurt häzirki zaman halkara giňişlikde mynasyp orny eýeleýän, geljegi nazarlaýan döwrebap döwlet gurmakda ägirt uly üstünlik gazandy diýip, Wise-premýer belledi.

Iki dostlukly döwletiň Döwlet senalary bilen açylan çärede türkmen sazandalary we aýdymçylary doganlyk halkyň dilinde Gazagystanyň döwlet özygtyýarlylygy we milli jebisligi hakynda aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti