Aşgabatda gaz ölçeýjileri gyssagly oturdýarlar

Aşgabatda gaz ölçeýjileri gyssagly oturdýarlar

Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlarda gaz ölçeýjileri gyssagly ýagdaýda oturtmak işini geçirýärler. Şäheriň gaz edarasynyň we häkimlikleriň wekilleri köpçülik bolup ýaşaýjylaryň öýlerini aýlanýarlar we öýlerde gaz ölçeýjileriň oturdylyp-oturdylmandygyny barlap, ýok ýagdaýda gyssagly oturtmagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler.

"4-nji we 5-nji noýabrda ýagny şenbe we ýekşenbe günlerinde Parahat-2/4 mikroraýonunyň 7-nji jaýynyň öňünde ir sagat sekizden başlap, şäheriň gaz edarasynyň işgärlerinden we dürli wezipeli resmilerden düzülen, şeýle-de ýük we ýeňil ulaglaryň gatnaşmagynda uly topar peýda boldy.

Dürli işgärler şol bir öýleri birnäçe gezek yzly-yzyna aýlanyp çykdylar we "siz hasaplaýjylary oturtdyňyzmy" diýip soradylar.Bu özboluşly bir psihiki hüjüm boldy" diýip, bu etrapçada ýaşaýan habarçymyz gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş ýagdaý şu günler şäheriň beýleki ýerlerinde hem dowam edýär. Ýene bir habarçymyzyň aýtmagyna görä, hususan-da Parahat-2/1 we Parahat-2/2 etrapçalarda köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryndan gaz ölçeýjileri oturtmagy talap etmek üçin aýlanýan toparlaryň düzüminde bu işe şäher häkimlikleriniň resmileri hem gatnaşýarlar.

Häkimiýetleriň ilatyň gaz ölçeýjileri oturtmagy boýunça amala aşyrýan bu çäreleri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň gaz, suw we tok mugtçulygyny ýatyrmak barada yglan eden karary bilen bagly. Türkmenistanyň ilatyna gaz 1993-nji ýyldan bäri mugt berilýärdi.

​Emma häkimiýetleriň ilatdan gaz ölçeýjileri oturtmagy talap etmek boýunça alyp barýan uly tutumly işleri bilen bir wagtda ilata hödürlenýän gurallaryň bahalarynyň artdyrylyp görkezilmegi, ussalaryň wagtynda gelmezligi, ölçeýjileriň resmi däl söwdasy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we söhbetdeşleriniň birnäçesi gürrüň berdiler.

"Köp ýaşaýjy pul toplap ussalaryň gelmegine garaşdy, emma olar ýetmezçilik edýäne meňzeýär.Hatda bu işe öý dolandyryjy edaralarynyň ussalaryny we welaýatlardan gelen işçileri çekdiler, olary paýtagtyň gaz edarasynyň işgärleri 'gastarbaýterler' diýip atlandyrýarlar.

Käbir ussalar kadaly işledi we diňe kesgitlenen nyrhy 260 manady soradylar, oňa guralyň bahasyndan başga goşmaça serişdeler we ölçeýjini oturmak işi hem girýär.Emma käbirler her bir zatdan bahana tapyp goşmaça puly talap etdiler, döwletiň hiç hili serişde bermeýändigini aýtdylar.

Ussalaryň gelip, zerur serişdeleri talap eden halatlary hem boldy, adamlar bazara gidip, olary satyn alyp gelesoň, gaz edarasynyň işgärleri geldiler we öňki gelenler 'biziň adamlarymyz däl' diýdiler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Onuň pikirine görä, şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna gaz ölçeýjileri oturtmak işiniň gyssag astynda amala aşyrylmagy, şeýle-de öýlere aýlanýanlaryň ýaşaýjylara hiç hili dokument görkezmeýändigi bilen bagly.

Habarçymyzyň 6-njy noýabrda habar bermegine görä, diňe bir onuň ýaşaýan jaýynda gaz ölçeýjilerini oturtmak üçin ýüz tutan hojalyklaryň ençemesine, şol sanda onuň öz öýüne ussalar barmandyr.

"Meniňkä hem gelmediler.Munuň ýönekeý sebäbiniň bolmagy mümkin.Işgärleriň özleri gaz ölçeýjileriň 2019-njy ýylyň ýanwaryndan aşa gymmatlajagyny ýaşaýjylara aýtdylar we gurallaryň özüni oturtmazdan 260 manada satdylar.

Duşenbe gününiň ikinji ýarymynda köpçülikleýin häsiýetde gaz ölçeýji gurallary satdylar.Sişenbe güni territoriýamyz boşap galdy we yzýany ýaşaýjylaryň bir bölegi gurallaryny oturdyp bilmän galdy.Belki-de, şäheriň gaz edarasynyň ýolbaşçylary üçin ölçeýjileri oturtmak däl-de, satmak has ähmiýetlidir" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri aýtdy. Şeýle-de, ol gaz ölçeýji gurallarynyň gyssagly oturdylýan döwründe bu işiň kemçilikli ýerine ýetirilmegi sebäpli, gazyň syzýan halatlarynyň hem bolandygyny belledi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň habar berýän gaz ölçeýjileriň bahasynyň artdyrylyp satylmagy, olaryň oturdylmagyndaky bökdençlikler bilen bagly ýagdaýlar barada "Aşgabatgaz" edarasyndan düşündiriş we resmi kommentariý alyp bilmedi.

2-nji noýabrda Azatlygyň habarçylary Aşgabatda gaz ölçeýjileriň bir günüň dowamynda 20% çemesi gymmatlandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda-da, "Aşgabatgaz" edarasynyň işgärleriniň ýaşaýjylaryň talaby boýunça görkezen resminamasyndaky nyrh agzalan ozalky nyrhlardan tapawutlanýar.

"Aşgabatgaz" müdirliginiň ilata gaz ölçeýji enjamy oturtmagyň nyrhnamasy atly dokumentde ölçeýjiniň bahasy 154.46 manat, çig mal we goşmaça serişdeleriň nyrhy 69.45 we oturmak işleriniň nyrhy 35 manat möçberinde kesgitlenýär. Şeýlelikde nyrhnamadaky umumy bahasy 258.91 manat möçberde görkezilýär.

Gaz üçin tölegleriň 2019-njy ýylyň başyndan giriziljekdigi ýaşaýjylara habar berildi, emma gaz üçin tölegleriň takyk nyrhlary entek mälim edilmedi.

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti ilata 25 ýylyň dowamynda mugt berlen gazy, suwy we togy doly tölegli etmek kararyny yglan etdi. Döwlet baştutanynyň karary Halk Maslahatynyň gatnaşyjylary tarapyndan biragyzdan makullanyp, kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Türkmenistan we Ýaponiýa seýsmologiýa gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler
Gaza baý Türkmenistanyň çözülmeýän ýyladyş meselesi
“Aşgabatgaz” paýtagtyň ýaşaýjylaryndan mawy ýangyjy tygşytly ulanmagy haýyş edýär
Aşgabatda gaz ölçeýjileri bir günde 22% gymmatlady
Aşgabatda gyssagly oturdylýan ölçeýjilerden gaz syzýar