Aşgabatda gaz ölçeýjileri bir günde 22% gymmatlady

Aşgabatda gaz ölçeýjileri bir günde 22% gymmatlady

Aşgabadyň häkimiýetleri ilatyň ulanýan gazyny ölçemek boýunça gurallary köpçülikleýin oturtmak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

Şu günler Aşgabadyň gaz edarasynyň işgärleri paýtagtyň ýaşaýyş jaýlaryny öýme-öý aýlanyp, gurallary oturtmagy talap edýärler.

Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, ölçeýjileri oturtmak üçin ilata teklip edilýän nyrhlar ýagdaýa görä üýtgäp durýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy, gaz edarasynyň 2-nji noýabrda, hususan-da öz ýaşaýan jaýyna gelen işgärleriniň günüň dowamynda iki sany dürli nyrhy öňe sürendigini aýtdy we guralaryň bahasynyň gysga wagtyň dowamynda 22% gymmatlandygyny habar berdi.

"Men şu gün irden jaýymyzda öýme-öý aýlanyp başlan gaz edarasynyň işgärlerini köçede görüp, ölçeýjileriň bahasyny soranymda olar 212 manat diýdiler. Soň bir sagat geçip-geçmän olar meniň öýüme gelenlerinde guralyň bahasynyň 260 manatdygyny aýtdylar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda gaz ölçeýjilerini oturdan beýleki maşgalalar munuň üçin 212 manat töläpdir.

Şeýle-de, Aşgabadyň Parahat-2 etrapçasynyň ýaşaýjylarynyň Azatlyga habar bermeklerine görä, 2-nji noýabrda bu etrapçanyň ýaşaýyş jaýlaryna hem aýlanan "Aşgabatgaz" edarasynyň işgärleri ýaşaýjylaryň talaby boýunça ölçeýjileriň bahasyny kesgitleýän resminama görkezipdir.

Azatlyga gowşan bu resminamanyň nusgasyndaky nyrh agzalan ozalky nyrhlardan tapawutlanýar.

"Aşgabatgaz" müdirliginiň ýolbaşçysynyň ilata gaz ölçeýji enjamy oturtmagyň nyrhnamasy atly dokumentde ölçeýjiniň bahasy 154.46 manat, çig mal we goşmaça serişdeleriň nyrhy 69.45 we oturmak işleriniň nyrhy 35 manat möçberinde kesgitlenýär. Şeýlelikde nyrhnamadaky umumy bahasy 258.91 manat möçberde görkezilýär.

Azatlyk Radiosy gaz ölçeýjileriň oturdylmagyna degişli jikme-jik maglumatlary "Aşgabatgaz" müdirliginiň özünden anyklap bilmedi.

Gaz üçin tölegleriň 2019-njy ýylyň başyndan giriziljekdigi ýaşaýjylara habar berildi, emma gaz üçin tölegleriň takyk nyrhlary entek mälim edilmedi.

Türkmenistanda ilata berilýän gazyň möçberini hasaplamak boýunça resmi çäreler hökümetiň gaz, suw we tok mugtçulygyny doly ýatyrmak baradaky kararynyň yzýany güýçlendi.

Hökümetiň soňky 25 ýylyň dowamynda ilata belli bir möçberde mugt berlen kommunal hyzmatlaryny doly tölegli etmek baradaky karary sentýabrda yglan edilipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň gazy ölçeýän gurallary oturtmak boýunça alyp barýan çäreleri bilen bir wagtda, elektrik toguny we suwy ölçeýän gurallaryň oturdylmagy hem dowam etdirilýär, şeýle-de, ilatyň kommunal hyzmatlary üçin döwlet bilen hasaplaşmagy boýunça işler hem geçirilýär.

Ýaňy-ýakynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bergili maşgalalary tölemäge mejbur etmek üçin hojalyklaryň gazyny we toguny kesýändigini habar berdi.

Bergili hojalyklaryň elektrik energiýasynyň kesilmegi boýunça ýagdaýlar Aşgabatda hem ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir aýdan gowrak wagt mundan ozal Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda begisi bolan ýaşaýjylar bilen bir wagtda-da tölegleri doly üpjün edilen ýaşajylaryň hem öýleriniň elektrik togunyň kesilendigini habar beripdi.

"Olar gelip elektrik energiýasynyň gurallaryny diňe bir öçürmek bilen çäklenmeýärler, hatda simlerini kesip, gurallary doly zaýalap gidýärler" diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistan 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberini mugt bermek düzgünini girizipdi. Türkmenistanyň ýolbaşçylary häzirki wagtda ilatyň durmuşynyň gowulanandygyny aýdyp, bu ýeňillikleri doly ýatyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Türkmenistan we Ýaponiýa seýsmologiýa gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler
Gaza baý Türkmenistanyň çözülmeýän ýyladyş meselesi
“Aşgabatgaz” paýtagtyň ýaşaýjylaryndan mawy ýangyjy tygşytly ulanmagy haýyş edýär
Aşgabatda gaz ölçeýjileri gyssagly oturdýarlar
Aşgabatda gyssagly oturdylýan ölçeýjilerden gaz syzýar