2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy atly halkara maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Ýokary derejedäki çäre şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan täze Türkmenistanyň Mejlisler merkezinde geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli KHBS-niň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Halkara maslahata wideoaragatnaşyk arkaly abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň giriş sözünde bu maslahatyň Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutany döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik, dostluk gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny nygtady.Prezident şeýle-de halkara hyzmatdaşlar bilen özara hereketleri giňeltmäge çagyrdy.Soňra gatnaşyjylar ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň wideo çykyşyny diňlediler.
Ol durnukly ösüşi, parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy goldamak babatda Türkmenistanyň işjeň hereketleri barada aýtdy. Şeýle-de ol sebitde we onuň daşynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň wajyp ornuny nygtady.Soňra wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew çykyş etdi.
Ol özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde özüniň saldamly goşandy bilen tassyklanýan Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde ynamly, parahatçylyk söýüji hyzmatdaş hem-de döwlet hökmünde tanalýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.
Ol işjeň sebit we halkara gepleşikleri ilerletmekde, hususan-da, ýaşyl ykdysadyýet, söwda, ulag we ekologiýa ulgamlarda özara hereketleri berkitmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny belledi.Parahatçylyk söýüji we Türkmenistanyň çagyrmagynda alnyp barylýan açyk halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we Sosial komissiýasynyň (ESCATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alisjahbana özüniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşynda beýan etdi.
Ol umumy howplara we wehimlere garşy göreşmekde özara tagallalaryň möhümligini nygtady.Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand öz çykyşynda döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy goldamak bilen aýrylmaz bagly bolan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy barada sözledi. Şeýle-de maslahatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin çykyş etdi.
Diplomat: Parahatçylyk we ynanyşmak — bu günki gün Ýer ýüzüniň halklaryna we döwletlerine örän zerur bolup, olar türkmeniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde iş ýüzünde tassyklanmalaryň köplügine eýe boldy we dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp bahalanýar diýip belledi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow çykyş etmek bilen, parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdi.Ol parahatçylyga ynanyşmagy berkitmek we goldamak arkaly ýetip bolýandygyny nygtady.
Ilçi Türkmenistan parahatçylyga özüniň oňyn bitaraplyk syýasaty arkaly çagyrýar diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.Dabaraly maslahatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd eden çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasyny agzamak bilen, Türkmenistanyň Hökümeti dürli döwletleriň arasynda gepleşik medeniýetini döretmegi we özara ynanyşmagy güýçlendirmegi ileri tutýan hemişelik bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi diýip belledi.
Maslahatda şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso çykyş etdi.Diplomat köpsanly ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalarda öz beýanyny tapýan döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak gatnaşyklary ilerletmekde Türkmenistanyň ornuny belledi.
Maslahatyň dabaraly bölüminiň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow işjeň gatnaşandyklary üçin gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere abadançylyk we hoşniýetlilik arzuw etdi.Soňra halkara resminamalara gol çekmek dabarasy boldy, ondan soň Halkara maslahat plenar mejlisler görnüşinde dowam etdirildi.