26-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, DIM-ara geňeşmeleri geçirmek we iki ýurduň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada ylalaşdylar.
Halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky işjeň aragatnaşyk kanagatlanma bilen bellendi.