Aşgabatda Gar harasaty atly täze sahna eseri görkezildi

Aşgabatda Gar harasaty atly täze sahna eseri görkezildi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Gar harasaty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Türk dramaturgy Tünjer Jüjenoglunyň pýesasy esasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan täze oýun tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başardy.

Sahna eserinde beýan edilýän wakalar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Dag eteginde ýerleşýän oba adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertleri beýan edilýän sahna eserindäki wakalar tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady. Ondaky wakalar, dartgunly pursatlar tomaşaçyny wakanyň içinde alyp gidýär. Bu bolsa teatryň artistleriniň özlerine ynanylan gahrymanlarynyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirendiklerine şaýatlyk edýär.

Gar harasaty sahna eserinde teatryň tejribeli, ussat artistleri Dilşat Meläýewa, Maýa Annaýewa, Bibi Abdyrahmanowa, şeýle-de Begenç Garlyýew, Orazgeldi Durdyýew dagy çykyş edýärler. Köpçülikleýin sahnada çykyş eden teatryň artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary hem köplerde täsir galdyryp, sahna eseriniň gyzgalaňyny has-da artdyrýar.

Täze sahna eseriniň täsirini artdyrýan zatlaryň biri hem oýnuň sahna bezegidir. Maksat Amangylyjowyň pýesasynyň mazmunyna görä ýerine ýetiren sahna bezegine hem tomaşaçylar ýokary baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Gar harasaty atly täze sahna eseri görkezildi
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy
Söhbediň aýdymy bilen adygan
ÄLEM NURY SAHNADA
Kerim Hojakow erkin göreş boýunça Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy
Sahnada Yşkyň gämisi