Aşgabatda gadymy türkmen pilleri baradaky kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

27-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde palentolog alym, muzeýiň uly ylmy işgäri Aman Nigarowyň “Türkmenistanyň gadymy pilleri” atly kitabynyň prezentasiýasy, tanyşdyryş dabarasy boldy.

Ol bu kitaby russiýaly alym I.A.Dubrowo bilen bilelikde ýazypdyr.Kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edildi diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

habar berýär.

Kitapda Günbatar Türkmenistanda suw howdanlarynyň gurluşygynda, Amyderýanyň kenarlarynda, Hazar ýarym adasynda we ýurduň beýleki künjeklerinde geçirilen barlaglaryň netijeleriniň gapdalyndan tapyndylaryň fotoşekilleri hem ýerleşdirilýär.

Şeýle-de işde paleontologik materialyň tapylan gatlaklarynyň ýaşy barada anyk maglumatlar getirilýär, gadymy pilleriň ýurduň çäklerinde ýaşan döwriniňbir million ýyldan 200-250 müň aralygyndaky döwrüniň tebigaty we howasy barada maglumat berilýär.

A.Nigarow ilkinji tapyndylaryň 1943-nji we 1952-nji ýyllarda, ýurduň günorta-günbatarynda geçirilen geologik agtaryşlarda tapylandygyny gürrüň berdi.

Döwlet muzeýiniň zallarynda kitapda beýan edilen paleontologik tapyndylaryň birnäçesitürkmen tokaý pili diýlip atlandyrylan gadymy piliň kelleçanagy, hazar pili diýilýäniniň äňiniň bölekleri we ahyrky dişi, şeýle hem günorta piliniň dişiniň syrçasynyň bölegi bar.

Täze kitap Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň ýardam bermeginde “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd“ kompaniýanysynyň hemaýat bermeginde neşir edildi.

Ýene degişli makalalar

S7 Airlines Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, Germaniýa doly derejede Türkmenistanyň raýatlaryna wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy, Türkmenistana Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy geldi
27.05.2017 • Belli paleontolog Aman Nigarowyň Türkmenistanyň gadymy pilleeri“ atly kitaby çapdan çykdy ...
Aşgabatda 90 ýaşly ýörite çeperçilik mekdebiniň çeperçilik sergisi açyldy
Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
“Opel” täze logosyny görkezdi