Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada, gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we ýaşyl tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar. Speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk barada hem bellenildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler diýlip, habarda bellenilýär.