14-15-nji oktýabrda paýtagtymyzda film festiwaly geçiriler.
Bu festiwala Türkiýeden Burak Özçiwit (“Ajaýyp ýüz ýyl”, “Döreýiş:Osman”), fransiýaly Sami Naseri (“Taksi”) ýaly dünýä kino ýyldyzlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aktýorlary we režissýorlary gatnaşar.
Festiwalyň çäginde “RT Doc” teleýaýlymynyň kino işgärleri tarapyndan taýýarlanan ahalteke atlary baradaky dokumental filmiň tanyşdyrylyşy bolar. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.