Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň jemgyýetiň durmuşynda tutýan ornuna bagyşlanan döredijilik maslahaty geçirildi.
Maslahata eýranly we türkmenistanly suratkeşler, sungat işgärleri, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we döredijilik ugurly türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Muzeýiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, foruma Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni geňeşçisi Nawid Rasuli hem gatnaşdy.
Ýatlap geçsek, ýaňy-ýakynda bu muzeýde Eýranyň we Türkmenistanyň suratkeşleriniň bilelikdäki sergisi açyldy.