Aşgabatda Eýranyň “Iran AgroFood” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Aşgabatda Eýranyň “Iran AgroFood” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylň 27-29 awgusty aralygynda “Iran AgroFood” ady bilen Eýranyň azyk önümleriniň we oba hojalygynyň on altynjy ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bu sergi Eýranyň oba hojalygy pudagynyň önümleri, oba hojalygy tehnikasy bilen tanyşmaga we modifisirlenen tohumlaryny, dökünlerini, himiki serişdelerini öwrenmäge mümkinçilik döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, azyk önümlerini gaplamak pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijiler we ykdysady işewürler, täzeçil tehnologiýalara eýe bolan we ylyma esaslanýan kompaniýalar öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezerler.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Iran Prože” ady bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Eýranyň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna 60 ýurduň wekilleri gatnaşar
Eýran we Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden demir ýol geçelgesini işe girizmekçi
Eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler