Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde bu ýurduň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Ýalda günüň gyşky säginmesine (ýylyň iň gysga gününe) gabat gelýän baýramyň dabarasy geçirildi.
Bu çärä Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary, şeýle-de köp sanly okuwçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli Ýalda güni ýerine ýetirilýän däp-dessurlar we baýramyň many-mazmuny barada gürrüň berýän birnäçe teatrlaşdyrylan sahnalar taýýarlanyp, bu ýere gelenlere görkezildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, bu baýramyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi:
Ýalda ýa-da Çille gijesi bu diňe senenamadaky bir sene däl-de, eýsem eýran halkynyň baý medeniýetini görkezýän möhüm däp-dessurdyr. Bu baýramyň taryhy ýedi müň ýyla golaý bolup, ol maşgalalaryň arasyndaky baglanyşygy berkitmäge, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Ýalda baýramy ýylyň iň uzyn gijesinde gyşky gün säginmesi bolýan 21-nji ýa-da 22-nji dekabr gijesinde bellenýär. Gadymy ynançlara görä, bu gije geçeninden soň, gün şöhlesi güýçlenip, tebigatyň ösüşi we täzeden janlanmagynyň başlanmagyny alamatlandyrýar. Eýranly diplomatyň belläp geçişi ýaly, orta asyrlaryň meşhur alymy Abu Reýhan Biruni bu gijäni Mylad Akbar Günüň doguşy diýip atlandyrypdyr.
Çäräniň ahyrynda myhmanlar üçin baýramçylyk agşamlyk nahary taýýarlanyldy, şol sanda däp bolan tagamlar hödürlendi. Gadymy däplere görä, Ýalda gijesinde ähli maşgala bir ýere jemlenip, goşgy okalýar, gyzykly hekaýalar bilen paýlaşylýar we bu baýrama mahsus miweler narlar we garpyz-gawunlar hödür edilýär, bu gök-önümler we miweler abadançylyk we saglyk alamatlarydyr.
Mälim bolşy ýaly, Ýalda baýramy ÝUNESCO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we ol diňe Eýranda däl, eýsem sebitiň beýleki ýurtlarynda-da giňden bellenilýär.