
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň, Belli hojalyk jemgyýetiniň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
4-nji awgustda bolan duşuşykda Ýaponiýanyň Kansaý prowinsiýasynyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda, bu halkara sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygy babatda pikir alyşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ugurda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.