Aşgabatda Ermenistanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanan konsert geçiriler

Aşgabatda Ermenistanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanan konsert geçiriler

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň duşuşygy bolup geçdi.

Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy habar berýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtda Ermenistanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Aşgabat şäherinde ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanan konsertiň geçirilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamuradowyň hem-de Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň belleýşi ýaly, şeýle konserti geçirmek iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň çäginde möhüm waka bolar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow bilen ministr Žanna Andreasýanyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn sport hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, iki ýurtda geçiriljek halkara çärelere türgenleriň gatnaşmagy we Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilmegi barada pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy
Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri
Şu ýyl Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler