Aşgabatda Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary atly halkara maslahat geçiriler

Aşgabatda Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary atly halkara maslahat geçiriler

Türkmen Forum Türkmenistanyň milli energiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda 15-nji iýunda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekdäki ekologiki meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirer. Maslahatyň esasy maksady, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde daşky gurşawa zyýanyny ýetirýän zyňyndylary azaltmak hem-de energetiki geçiş bolup durýar. Bu barada ogt-turkmenistan ýazýar.

Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary atly halkara ylmy-amaly maslahata 20 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýetiň hasaba alnandygy newscentralasia.net tarapyndan habar berildi. Olaryň arasynda CNPC, BP, Exxon Mobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl ýaly kompaniýalaryň wekilleri bar.

Bu Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda ýüze çykýan daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ýurduň guramalary, iri energiýa kompaniýalary, halkara guramalary, akademiýalar, şeýle hem daşky gurşawa we ýaşyl geljege gönükdirilen maliýe guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, her ýyl geçirilýän öňdebaryjy maslahatlaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda daşky gurşaw boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý
01.05.2019 | Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý
02.04.2019 | Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi
Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi