Aşgabatda elektrik ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar

Aşgabatda elektrik ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar

Şu günler Aşgabadyň elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleri ýaşaýyş jaýlaryna we edara-kärhanalara aýlanyp, elektrik ölçeýji gurallary barlamak boýunça gözegçilik işlerini geçirýärler. Gurallarynyň ulanyş möhleti tamamlanan raýatlar goşmaça tölegleri tölemäge mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Gözegçilik işleri Aşgabatenergo’ önümçilik birleşiginiň işgärleri tarapyndan geçirilýär. Olar elektrik ölçeýji gurallaryň ulanyş möhletini, şeýle-de, sowadyjy we suw ýyladyjy ýaly elektrigi aşa köp sarp edýän enjamlaryň simleriniň elektrik ölçeýji gurallardan geçýändigini ýa-da geçmeýändigini hem jikme-jik barlaýarlar” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Elektrik edarasynyň işgärleri elektrik ölçeýji gurallarynyň ulanyş möhleti geçen raýatlary ýüzlerçe manatdan müňlerçe manada çenli möçberde goşmaça töleg tölemäge mejbur edýärler.

“Sowadyjylarynyň, suw ýyladyjylarynyň elektrik geçiriji simlerini aýlaw ýollar bilen, elektrik ölçeýji gurallara birikdirmedik raýatlar hem uly mukdarda jerime tölemeli edilýär” diýip, ýaşaýjy belledi.

Ulanyş möhletiniň tamamlanmagyna az wagt galan elektrik ölçeýji gurallar sökülip, “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynyň edarasyna iberilýär we bu ýerde barlagdan geçirilýär.

“Bu gurallar öý eýesi bilen ylalaşmak esasynda sökülip, 15 günden soňra ýerine oturdylýar. Öý eýesi bu hyzmat üçin 200 manady nagt töleýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Elektrik işgärleri ýaşaýjylara beren maglumatynda bu çäreleriniň sebäbini soňky döwürde sowadyjy we suw ýyladyjy ýaly enjamlarynyň elektrik geçiriji simlerini elektrik ölçeýji gurallara birikdirmän, togy bikanun sarp edýän raýatlaryň köpelendigi bilen düşündirýärler.

“Barlagdan geçirilýän gurallar gaýtadan ýerine oturdylanda-da, ondan öýdäki enjamlaryň ählisiniň simleri geçýärmi ýa ýokmy, barlanar” diýip, ýerli ýaşaýjy elektrik edarasynyň bir işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi. Türkmen hökümeti munuň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi.

Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyga goşmaça agram saldy.

Habarçylarymyz ýurtda bu tölegleri töläp bilmeýän, gaz, elektrik we suw hasaplaýjy gurallary täzeläp bilmeýän hojalyklaryň köpdügi barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Geçen aýyň 11-de habarçylarymyz Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimiýetleriniň ilatdan sarp edilen gazyň töleglerini almak işine polisiýany çekip başlandygyny habar berdiler.

Şonda sebitiň gaz edarasynyň işgärleri bu çäreleriň geçirilmegine ýaşaýjylaryň tölegleri öz wagtynda geçirmezliginiň sebäp bolandygyny aýdypdylar. Ýerli ýaşaýjylar bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn agyrlaşýandygyny, tölegleri geçirmäge maddy mümkinçilikleriniň ýokdugyny belläpdiler.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, ilatyň töleg geçirmekdäki we gurallary täzelemekdäki kynçylyklary hem-de munuň mümkin sebäpleri barada mesele gozgamaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda gaz, elektrik we suw ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar
Diňle: Aşgabatda sarp edilen suw üçin töleg geçiren raýatlar goşmaça töleglere sezewar edilýär
Aşgabatda sarp edilen suw üçin töleg geçiren raýatlar goşmaça töleglere sezewar edilýär
Türkmenistanyň prezidenti birnäçe ministri wezipesinden boşatdy