Aşgabatda Dolce&Gabbana dükany açylar

Aşgabatda Dolce&Gabbana dükany açylar

6-njy maýda Aşgabatda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan Dolce&Gabbana italýan haryt nyşanynyň dükany açylar.

Dükanyň açylmagy mynasybetli 6 8-nji maý aralygynda ähli hödürlenýän harytlar üçin 10% arzanladyş hereket eder.

Dolce&Gabbana dükany müşderilere erkekler, zenanlar we çagalar üçin egin-eşikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Erkekler üçin egin-eşik görnüşleriniň hatarynda jinsiler, batnikler, nusgawy we sport lybaslary, ýüzmek üçin içki geýimler we başgaplar, köýnekler we jalbarlar hödürlenýär.

Zenanlar üçin köýnekleriň, bluzkalaryň, penjekleriň, ýantorbalaryň we pes hem-de beýik ökjeli köwüşleriň, dürli aksessuarlaryň baý görnüşleri bardyr.

Şeýle-da çagalar üçin egin-eşikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär: gyzjagazlar üçin gündelik köýnekler, etekler, jalbarlar, köýnekler, sport lybaslary, gyzjagazlar we oglanjyklar üçin ýantorbalar, içki geýimler, köwüşler, başgaplar we beýlekiler.

Dolce&Gabbana dükany dynç günsüz sagat 10-00-dan 20-00-a çenli, ýekşenbe günleri bolsa 11-00-dan 20-00-a çenli işlär.

Ýerleşýän ýeri Alyşir Nowaýy köçesindäki Altyn Zaman SM. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 55 55 06.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Atabetul Hakaýyk we eseriň awtory ýazyjy-şahyr Edip Ahmet Ýükneki
Häkimiýetler köpçülik ýerlerinde ykdysady şertlere nägilelik bildirýän raýatlary anyklaýar
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Garagalpak Türkçesi