Türkmenistanda soňky birnäçe aý bäri ýitileşip dowam edýän ýangyç gytçylygynyň arasynda, Aşgabatda dizeliň bahasy näresmi görnüşde gymmatlady.
Ýangyç guýujy beketlerde sürüjiler bu awtomobil ýangyjyny ozalkysyndan 60% gymmada satyn almaly bolýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Dizel geçen hepdäniň şenbe gününden başlap, ýagny 16-njy noýabrda näresmi görnüşde gymmatlady. Beketlerde onuň bir litriniň bahasynyň heniz-de 1 manatdan satylýandygy görkezilýär. Ýöne bekediň işgärleri sürüjilere ony 1 manat 60 teňňeden guýjakdygyny öňünden duýdurýar” diýip, aşgabaly sürüji anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu ýagdaýa paýtagtyň tas ähli künjegindäki, şol sanda Oguzhan köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynyň golaýyndaky, “Daşkent” seýilgähiniň golaýyndaky, Hoja Ahmet Ýasawy köçesindäki ýangyç guýujy beketlerde synlasa bolýar.
Beketleriň işgärleri dizeliň gymmat bahadan satylmagynyň sebäbini “ýangyjyň bahasyny gymmatlatmak barada prezidente teklipnamanyň iberilendigi” bilen düşündirýärler.
“Ýakyn wagtda prezidentiň bu baradaky kanuna gol çekip, ýangyç sarp edijilere aýan etmegine garaşylýar. Şoňa çenli näresmi görnüşde gymmat bahadan satylýar” diýip, aşgabatly sürüji beket işgäriniň aýdan sözlerini sitirleýär.
Häzirki wagtda paýtagtyň ýangyç guýujy beketlerinde diňe dilden aýdylýan, näresmi bahany tölemäge razy bolan sürüjilere dizel ýangyjy guýlup berilýär.
“Kanuny yzarlap, adalat isläp, öz hukuklaryny talap etjek bolýan sürüjilere ýangyç gutardy, bolan wagty gelersiňiz’ diýip, dizel guýmakdan ýüz öwürýärler” diýip, başga bir sürüji anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sürüjiler ýurt ýolbaşçylarynyň, şol sanda prokuratura resmileriniň bu ýagdaýlardan habarlydygyna ynanýarlar.
“Sebäbi paýtagtyň ähli künjeginde dowam edýän bu giň gerimli bikanun hereketleriň garşysyna hiç hili çäre görülmeýär. Häkimiýetler ýangyjy resmi derejde gymmatlatmak üçin öňünden halky taýýarlaýar” diýip, paýtagtly sürüjiler öz nägileligini beýan edýärler.
Azatlyk bu barada “Türkmennebitönümleri” kärhanasyndan we onuň Aşgabatdaky edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Ýangyç önümleriniň ençeme görnüşini öndürýän we ony daşary ýurtlara eksport edýän nebite baý Türkmenistanda soňky aýlarda awtomobil ýangyjynyň gytçylygy ýitileşdi.
Ýangyç käte doly satuwdan aýryldy, satylan wagtynda örän çäkli mukdarda goýberildi we birnäçe kilometre çenli uzaýan uly nobatlar döredi.
Ýurduň käbir sebitlerinde ýangyjyň üstünde beket işgärleri bilen sürüjileriň arasynda ýakalaşyk hem boldy.
Ýangyç gytçylygy jemgyýetçilik transportunyň işine, taksileriň elýeterlilige, oba hojalyk işlerine ýaramaz täsir ýetirdi.
Gytçylygyň fonunda iýmit önümleri hem gymmatlady.
Türkmen hökümeti ýiti ýangyç gytçylygy we munuň bilen bagly yzly-yzyna döreýän ýagdaýlar barada aç-açan düşündiriş bermeýär.
Şol bir wagtda, şu ýylyň ilkinji 10 aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatynda ýene “ösüş sanlary” getirildi.
8-nji noýabrda geçirilen maslahatda degişli döwürde “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit çykarmak boýunça meýilnamasynyň 102,4 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.