Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi

Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi

Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy. Bu barada Altyn asyr ÝGPJ-niň resmi saýtynda habar berildi.

Festiwalda giriş sözi bilen Google-yň (Google Developer Group, GDG) Programmalary işläp düzüjiler toparynyň Aşgabatdaky guramaçylary Saparguly Mahtumow we Mährijemal Gylyjowa çykyş etdiler.

Soňra ýygnananlary sanly ulgam arkaly Google-yň programmalary işläp düzüjiler bilen gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy Askar Aýtunow gutlady.

Soňra Türkmenistanda Google-yň programmalary işläp düzüjiler ilkinji talyplar klubyny (GDSC IUHD) esaslandyryjy Bägül Rejepowa çykyş etdi. Ol ýygnananlara klubyň işi hem-de talyplaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Soňra kod ýazmak, frilansda işlemek, maglumatlary seljermek we tankydy nukdaýnazardan pikir ýöretmek ýaly dürli mowzuklar boýunça ugurdaş sessiýalar geçirildi.

Şeýlelikde, 22 ugurdaş sessiýa geçirildi. Olarda dizaýn, üstünlikleriň taryhy, oýunlary işläp düzmek, startaplar üçin Google-y peýdalanmak barada başga-da, köp zatlar barada gürrüň edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, DevFest 23 festiwaly Aşgabatda ilkinj gezek 2021-nji ýylda geçirilip başlandy. Ilkinji festiwala bary-ýogy 50-ä golaý adam gatnaşan bolsa, şu gezekki çärede bu görkeziji 568 adama çenli ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

GDG Ashgabat düzüjiler festiwalynyň “DevFest'2024” çäresi geçiriler
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Berlinde Ýewropadaky iri şygyr festiwaly dowam edýär
Eflatun Soçide Geçirilen Halkara Film Festiwalynda Ünsleri Özünde Jemledi
Türkmenistan Omskdäki ýaşlaryň döredijilik festiwalyna gatnaşdy