Aşgabatda Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi

Aşgabatda Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Bu dabara Daňatar Hydyrowyň maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, muşdaklary, şeýle hem mugallymlardyr talyplar ýygnandylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary, Nury Muhyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde kamera orkestri, Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary ansambly, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar kwinteti, fortepiano eserleri we aýdymlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Begenç Gaýipow we konserwatoriýanyň talyplary ajaýyp aýdymlary bilen dabara şowhun berdiler.

Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri we hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Gözel şäher Arkadag eseri bilen açyldy.

Konsertde ussat kompozitoryň 19 eseri yzygiderlikde ýaňlandy. Şeýle hem dürli saz eserleri, aýdymlar ýerine ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylar kompozitora gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlygyny, konsertiň diýseň gyzykly geçendigini, lezzet alyp diňländiklerini aýdyp, kompozitora janynyň sag bolmagyny, döredijilik ýolunda üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi
Belentden ýaňlanan owazlar