Aşgabatda Çapar atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy

Aşgabatda Çapar atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy

Aşgabatdaky Türkmenistan kinokonsert merkezinde Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan taýýarlanan Çapar atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Bu film ýaňy-ýakynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde görkezilen sekiz çeper filmiň biridir.

Däp bolşy ýaly, filmiň görkezilişden öň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi. Film umumylaşdyrylan sýužetde bolup, onda Seljuk döwletiniň begleriniň biri Merwden Dehistana bir gerçek ýigidi synag hökmünde çapar ýollaýar. Çapar ýigit ýolda gabat gelýän dürli kynçylyklara döz gelmek bilen, özüne bildirilen ynamy ödemekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Film boýdan-başa çaparyň tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy hakynda.

Çapar ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, ýagny Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýerlerde surata düşürilipdir. Filmde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki Baş drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri surata düşüpdirler. Olar esasy rollarda keşpleri ökdelik bilen ýerine ýetiripdirler. Filmiň režissýory Wepa Işangulyýewdir.

Ýene degişli makalalar

Täze filmiň görkezilişi boldy
Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada
17.09.2017 | Aşgabat 2017 oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler
500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar V Aziýadanyň alawyny Aşgabada getirdiler
Aşgabatda balkanly suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy