Aşgabatda çagalaryň arasynda gyzamyk ýaýraýar, sanjym çäreleri batlanýar

Aşgabatda çagalaryň arasynda gyzamyk ýaýraýar, sanjym çäreleri batlanýar

Soňky hepdelerde paýtagtda gyzamyk bilen keselleýän çagalaryň sany göz-görtele artdy. Türkmen häkimiýetleri bu barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Ýöne maşgala lukmanlary öýlere aýlanyp, gyzamyga garşy sanjym etmek çärelerini batlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Çagalaryň aglabasy lukmanlaryň ýazyp beren dermanlaryny, witaminlerini içip, öýlerinde bejergi alýar. Gyzamyk bilen agyr keselleýän çagalar hassahanalarda bejergi alýarlar. Ýokanç hassalyk bilen keselleýän çagalaryň aglabasy başlangyç synplaryň okuwçylarydyr” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Keselçiligiň ýaýramagynyň arasynda, paýtagtyň saglyk öýleriniň maşgala lukmanlary özlerine berkidilen hojalyklaryň öýlerine aýlanyp, gyzamyga garşy sanjym etmek çärelerini batlandyrdylar.

“Olar esasan ýaş çagasy bolan hojalyklara aýlanýarlar. Käbir hojalyklar sanjymyň çagalarda keselçilige garşy goranyş ukybyny pese gaçyrýandygyny öňe sürüp, sanjyma garşy bolýarlar. Ýöne lukmanlar bu ene-atalary hem diňlemeýärler we çagalara sanjym edýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Gyzamyk ýiti ýokançlyk derejeli howply kesel hasaplanýar. Hassalyk ýokary gyzgyn, agzyň we ýokarky dem alyş ýollarynyň çişmegi, gözleriň gyzarmagy we gijemegi, bedende gyzyl nokatlaryň döremegi ýaly alamatlar bilen geçýär.

Bu kesel esasan çagalarda bolýar we bäş ýaşyna ýetmedik körpelere has uly howp salýar. Saglyk resmileri sanjym arkaly onuň ep-esli öňüni alyp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen saglyk resmileri çagalaryň arasynda bu keselçiligiň ýaýraýandygy barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada ýurduň metbugatynda, şeýle-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň web sahypasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Bu aralykda, maşgala lukmanlary şu ýylyň sentýabr aýynyň başyndan birinji synpa gitmeli çagalaryň öýlerine hem jaň edýärler.

Olar ene-atalara nobatdaky sanjymy kabul etmedik çagalaryň mekdebe kabul edilmejekdigi bilen haýbat atýarlar.

“Lukmanlar birinji synpa gatnamaly çagalaryň okuw ýylynyň öňüsyrasynda, lukmançylyk barlagyndan geçirilip, ýaşyna baglylykda ýylda geçirilmeli sanjymlaryň edilip-edilmändiginiň barlanjakdygyny aýdýarlar. Ähli sanjymlaryň edilendigi anyklanandan soň, mekdebe ýaramlydygy barada lukmançylyk kepilnamasy esasynda mekdebe goýberiljekdigini nygtadylar” diýip, çagasy şu ýylyň güýzünde mekdebe başlamaly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Maşgala lukmanlarynyň ençemesi paýtagtda gyzamygyň ýaýramagynyň arasynda, häkimiýetleriň çagalara sanjym etmek işlerine örän berk çemeleşýändigini aýdýar.

Munuň bilen baglylykda, maşgala lukmanlarynyň öz wezipesini doly ýerine ýetirýändigi ýa-da ýetirmeýändigi hem barlanýar.

“Eger hojalyklar öz çagalaryna sanjym edilmegine rugsat bermedik bolsa, ýagny maşgala lukmany degişli çagada ýa-da çagalarda sanjym geçirip bilmedik bolsa, onda lukman ýeterlik düşündiriş işlerini geçirip bilmezlikde, öz wezipesiniň hötdesinden gelip bilmezlikde aýyplanýar” diýip, aşgabatly maşgala lukmany anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmanlaryň üstünden garaýan ýolbaşçylary bu lukmanlara oňaýsyz’ baha berip, olaryň işinde saklanmagyna täsir edip bilýärler.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden we Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji fewralda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda dem alyş keselleriniň, şol sanda gyzamygyň ýaýraýandygy barada geçen ýylyň güýzünde hem maglumatlar gelip gowşupdy. Şonda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz keselçilik zerarly mekdebe gatnaýan çagalaryň sanynyň esli azalandygyny habar beripdiler.

Bütindünýä Saglyk guramasy geçen ýylyň 24-nji noýabrynda çap eden maglumatynda gyzamyk sanjymynyň 2000-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda 60 milliondan gowrak adamyň ölüminiň öňüni alandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gyzamyk keseli ýaýraýar
Saglygyňyza jogapkärli çemeleşiň!
Kongoda näbelli ýokançdan 140 adam heläk boldy
Mikoplazma pnewmoniýasy birnäçe ýurda ýaýrady
Balkanda sarygetirme, gyzamyk we dümew bilen kesellän çagalaryň sany artýar
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty