Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar

Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşynyň Ertekiler dünýäsi dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazet habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, konsertde Aşgabat şäheriniň 2-nji sazçylyk mekdebiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Medeniýet öýüniň çagalar döredijilik toparlary çykyş ederler.

Konsertden soňra asylly däbe eýerilip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimligi tarapyndan çagalar toparlary üçin täzelenen dynç alyş seýilgähinde gezelenç guralar. Onuň dowamynda körpeler karusellere münüp göwünlerini açmaga, dürli görnüşli, süýjüliklerden datmaga mümkinçilik alarlar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda partiýa we gurama agzalygyndan çykmak isleýän býujetçilere haýbat atylýar
Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady